Oýun sanawy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň düzüminde täze «Galkynyşgaz» kärhanasy döredildi

19 Aprel. 11:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Resminama 18-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda tassyklanylyp, energetika pudagyny ösdürmegiň täze tapgyryny alamatlandyrdy.

Täze döredilen düzümiň esasy wezipesi «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr. Taslamanyň çäklerinde Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ýylda 10 milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge ukyply desgalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany bu ägirt uly kän özleşdirmegiň täze tapgyryna girişilmeginiň ýurduň ýangyç-energetika toplumy üçin taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi. Degişli resminama laýyklykda, döwlet konserni täze kärhananyň düzgünnamasyny tassyklamaly we onuň sazlaşykly işlemegi üçin ähli şertleri döretmeli.

Prezident bu uly göwrümli taslamanyň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi boýunça wise-premýer G.Agajanowa anyk tabşyryklary berdi. Ýöriteleşdirilen kärhananyň döredilmegi taslamanyň potratçylary bilen işleri utgaşdyrmaga hem-de önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌