Oýun sanawy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti geçirildi

13 Dek. 08:30

Çeşme

Şu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna dabaraly konsert guraldy. Medeni çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelerine gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar ýurduň ösüşini, jemgyýetiň abadançylygyny we halkyň bagtyýar durmuşyny wasp etdi. Folklor toparlarynyň, teatr sungatynyň wekilleriniň we meşhur ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda taýýarlanan baýramçylyk maksatnamasy tomaşaçylarda çuňňur täsir galdyrdy.

Konsertiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna ýazylan «Aşgabat» atly aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk konserti Gahryman Arkadagyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» atly joşgunly eser bilen jemlendi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌