Oýun sanawy


Beýik Britaniýada diňe adamlar tarapyndan ýazylan kitaplar üçin aýratyn bellik döredildi
17 Mart. 14:40Beýik Britaniýanyň Ýazyjylar, illýustratorlar we terjimeçiler birleşmesi (SoA) edebiýat äleminde täze bir başlangyç bilen çykyş etdi. Gurama «Human Authored» (Adam tarapyndan ýazylan) diýen ýörite logotibi hödürledi. Bu nyşan generatiw emeli aňy ulanmazdan, diňe adamyň zehini we zähmeti bilen döredilen eserleri tapawutlandyrmak üçin hyzmat eder. Täze belligi kitaplaryň daşlygynda ýerleşdirmek maslahat berilýär.
Bu çäräniň esasy maksady okyjylara hakyky awtorlyk eserlerini algoritmler tarapyndan taýýarlanan tekstlerden tapawutlandyrmaga kömek etmekdir. SoA-nyň ýerine ýetiriji direktory Anna Ganliniň sözlerine görä, häzirki wagtda emeli aňyň önümlerini bellemek boýunça döwlet derejesinde hökmany kadalaryň ýoklugy sebäpli, şeýle meýletin belligiň girizilmegi wajypdyr. Bu başlangyç awtorlyk hukuklaryny goramakda wagtlaýyn, emma zerur ädim hasaplanýar.
Mundan ozal, Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguro ýaly dünýä belli ýazyjylaryň gatnaşmagynda emeli aňyň awtorlyk eserlerini rugsatsyz ulanmagyna garşy nägilelik çäreleri geçirilipdi. Ýazyjylar öz kitaplarynyň emeli aň modellerini okatmak üçin maglumat hökmünde "ogurlanmagyna" garşy çykyş edýärler. London kitap ýarmarkasynda paýlanylan «Bu kitaby ogurlamaň» atly simwoliki neşir hem bu meseläniň ýitiligini görkezdi.
Britan ýazyjylarynyň bu ädimi halkara derejesinde hem goldaw tapýar. Mysal üçin, ABŞ-nyň Awtorlar gildiýasy hem meňzeş nyşanlary ulanmagy teklip edipdi. Bu başlangyçlar edebiýat bazarynda hakyky adam döredijiliginiň gadyryny saklap galmaga we okyjylar bilen awtorlaryň arasyndaky ynamy berkitmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň