Oýun sanawy


Uly we Kiçi Balkan daglary Türkmenistanyň tebigy taýdan iň özboluşly sebitleriniň biri bolup, olar baý we köpdürli haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Häzirki ylmy maglumatlara görä, bu sebitde süýrenijileriň 28-e golaý görnüşi ýaşaýar. Iki ýaşaýyş gurşawyna uýgunlaşan jandarlaryň arasynda Orta Aziýanyň tetraploid ýaşyl gurbagasy aýratyn gymmatly hasaplanylýar.
Ýarym berkidilen çägelikler we toýunly meýdanlar Orta Aziýa pyşbagasynyň, dürli aslaryň, adaty ok ýylanlarynyň, çöl suwulganlarynyň hem-de çöl gömülgen ýylanlaryň esasy ýaşaýyş ýerleridir. Şeýle-de Balkan daglarynda Aziýanyň menekli ýylançyry, Kawkaz suwulgany we gyzyl zolakly ýylan ýaly süýrenijiler duş gelýär.
Sebitiň iň iri süýrenijileriniň biri bolan çal zemzen köplenç «çöl krokodili» diýlip atlandyrylýar. Ol dag eteklerinden başlap, belent sähralara we elýeterligi kyn bolan dag baýyrlyklaryna çenli giň sebitde hereket edýär. Uzynlygy bir ýarym metre çenli ýetýän bu süýreniji tomus jöwzasy güýçlenýän iýul aýlarynda uka gidýär, soňra bolsa gyşky uka geçýär.
Balkan sebitiniň süýdemdirijiler dünýäsi hem seýrek we ýerli görnüşlere baýdyr. Bu ýerde Sewersowyň ýalmany, Köpetdag homýagy, türkmen korsagy, dag samyry, türkmen garagulagy hem-de manul ýaşaýar. Bu görnüşler Türkmenistanyň biologik mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Guşlar, aýratyn-da ýyrtyjy guşlar, daşky gurşawyň ýagdaýynyň möhüm görkezijileri bolup hyzmat edýär. Dürli ýyllarda Balkan daglarynda göçüp-gonýanlary goşmak bilen, 120-den 170-e çenli guş görnüşi bellige alnypdyr. Häzirki wagtda bu ýerde bürgütler, sakgally garaguşlar, gajarlar, Kawkaz gök bahry hem-de serçe şekillileriň köp sanly görnüşleri höwürtge gurýar.
Kiçi Balkan dagy özboluşly, aý görnüşli landşaftlary bilen tapawutlanýar. Onuň çylşyrymly relýefi alymlaryň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. «Düýe çalyndan çykan suw» diýlip düşündirilýän Çalsuw çeşmesi arassa we süýji suwy bilen bellidir. Kiçi Balkanyň iň belent nokady deňiz derejesinden 780 metr beýiklikde ýerleşýär.
Geçmişde gazaply gyş möwsümlerinde saýgaklar Gazagystandan Balkan daglarynyň demirgazyk bölegine göçüp gelýärdi. Emma 1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri Türkmenistanyň Gazagystan we Özbegistan bilen serhetleşýän çäklerinde toýnakly haýwanlaryň sanynyň azalmagy sebäpli, häzirki wagtda saýgaklar bu sebitde bellige alynmaýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň