Oýun sanawy

Şu hepde Türkmenistanda bulutly we ýagyşly howa garaşylýar

24 Mart. 06:40

Çeşme

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa gullugy geljek hepde üçin howa maglumatyny çap etdi. Bu baradaky maglumatlar «Türkmenistan» gazetiniň soňky sanynda ýerleşdirildi.

Aşgabat şäherinde üýtgäp durýan bulutly howa we wagtal-wagtal ýagyş garaşylýar. Şemal ugruny demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara üýtgedip, tizligi 10–16 m/s bolar. Gije howanyň temperaturasy +7…+14°C aralygynda, gündiz bolsa +18…+28°C derejesinde bolar.

Balkan welaýatynda hem bulutly howa we ýagyş garaşylýar. Demirgazyk-günbatar we gündogar ugurly şemal 12–17 m/s çenli güýçlener. Gije +4…+15°C, gündiz +23…+28°C, deňiz ýakasynda bolsa +17…+22°C bolar.

Ahal welaýatynda bulutly howa, ýagyş we 7–15 m/s tizlikli şemal garaşylýar. Gije +5…+16°C, gündiz +16…+31°C bolar.

Mary welaýatynda ýagyş esasan hepde ortasynda we ahyrynda garaşylýar. Şemal dürli ugurlardan öwüsip, tizligi 11–16 m/s ýetip biler. Gije +7…+17°C, gündiz +19…+31°C bolar.

Lebap welaýatynda ýagynlar hepde başynda hem-de soňky günlerinde garaşylýar. Şemalyň tizligi 12–17 m/s çenli ýetýär. Gije +5…+16°C, gündiz +17…+30°C bolar.

Daşoguz welaýatynda ýagyş esasan hepde ikinji ýarymynda bolar. Şemal 11–16 m/s çenli güýçlener. Gije temperatura +4…+15°C, gündiz bolsa +16…+29°C bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌