Oýun sanawy


Türkmenistanda ýol howpsuzlygy biraýlygynyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär
11 Sen. 15:37Türkmenistanyň ähli sebitlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ilatyň we ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen duşuşyklar geçirilýär. Wagyz-nesihat we öwrediji häsiýetli bu çäreler iş toparlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda guramaçylykly amala aşyrylýar.
Içeri işler edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklarda ýol hereketiniň düzgünlerini diňe bir bu aýlygyň dowamynda däl, eýsem yzygiderli berjaý etmegiň wajyplygy nygtalýar. Bu çäreleriň esasy maksady ýol hereketine gatnaşyjylaryň şahsy jogapkärçiligini artdyrmakdan we ýollardaky umumy howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr.
Mundan başga-da, guralýan duşuşyklaryň gidişinde diňe bir ýol howpsuzlygy däl, eýsem ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek barada hem gatnaşyjylara giňişleýin düşündirişler berilýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.