Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti täze administratiw-territorial birikmeleri döretmek boýunça Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurduň dört welaýatynda täze etraplar we häkimlikler döredildi. Bu çäreler TDH-niň habaryna görä, 2022–2028 ýyllar üçin kabul edilen döwlet ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.
Täze döredilen etraplar:
Altyn asyr — Ahal welaýatynda;
Garaşsyzlyk we Gubadag — Daşoguz welaýatynda;
Farap, Döwletli we Garabekewül — Lebap welaýatynda;
Oguzhan — Mary welaýatynda.
Häkimliklere Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde, struktura we ştatlar boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetine hödürlemek tabşyryldy.
Bu işler şu maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022–2028 ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüş Maksatnamasy;
Täzelenen görnüşdäki Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň