Oýun sanawy


Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ugurlary boýunça halkara sergi geçiriler
23 Sen. 06:042025-nji ýylyň 10 — 12-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara sergi geçiriler. Bu çäre “Güýçli döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy” döwri bilen baglylykda guralýar.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143) geçiriler. Guraýjylar hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
Sergä degişli ministrlikleriň hünärmenleri, telekeçiler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şeýle-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşmaga çagyrylýar.
Serginiň iş wagty:
10-11 oktýabr: sagat 10:00 — 18:00
12 oktýabr: sagat 10:00 — 15:00
Giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 39-88-81, (82), (83), (84), (85), (86); faks: 39-89-49.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň