Oýun sanawy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda ikinji tapgyryň desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna pes baha berdi. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Milli Lider gurluşyk meýilnamalarynyň bellenen möhletlerden yza galýandygyny we käbir desgalaryň hiliniň talaplara laýyk gelmeýändigini aýdyp, berk nägilelik bildirdi. Ýüze çykarylan ähli kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek boýunça ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeler goýuldy.
Milli Lideriň belläp geçmegine görä, döwrebap şäheriň gurluşygynda ulanylýan serişdeler we amala aşyrylýan işler iň ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmelidir. Emma häzirki wagtda käbir pudaklaýyn edaralaryň işine bolan gözegçiligiň gowşakdygy sebäpli, binalaryň gurluşyk depginlerinde haýallama duýulýar. Bu ýagdaýyň düýpden kabul edilip bilinmejekdigini aýdan Gurbanguly Berdimuhamedow, gurluşygyň hiline gözegçilik edýän gulluklaryň jogapkärçiligini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Esasy üns şäheriň iň uly ýollarynyň biri bolan Ahalteke atlary şaýoluna gönükdirildi. Milli Lider bu şaýoluň gurluşygynyň gaty haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, ony çaltlandyrmak we tiz wagtda ulanmaga bermek barada görkezme berdi. Şäheriň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň binýadyny düzýän bu desga ýokary hilli gurlup, raýatlar üçin ähli amatlyklary döretmelidir. Ýoluň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek üçin goşmaça güýçleriň çekilmegi talap edildi.
Maslahatyň jeminde ähli meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşygyna yzygiderli gözegçilik etmegiň täze ulgamyny döretmek barada tabşyryklar berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýekeje-de ýalňyşlyga ýol berilmeli däldigini, sebäbi bu taslamanyň ýurduň geljekki ösüşiniň nusgasydygyny ýatlatdy. Jogapkär ýolbaşçylara işe bolan çemeleşmelerini düýpli özgertmek we gurluşyk meýdançalarynda tertip-düzgüni berkitmek boýunça berk duýduryşlar berildi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.