Oýun sanawy


Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň halk artisti Farruh Zokirowy gutlady
11 Maý. 06:12Özbegistan Respublikasynda geçirilen halkara atçylyk dabaralarynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler guraldy. Bu medeni dabaralara sebitiň sungat äleminde öçmejek yz galdyran meşhur aýdymçy, Özbegistanyň halk artisti Farruh Zokirow hem gatnaşdy. Sungat ussadynyň çykyşlary iki goňşy halkyň medeni gymmatlyklarynyň umumylygyny ýene bir gezek subut etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur aýdymçynyň ýubileý ýaş toýy mynasybetli oňa özüniň mähirli gutlaglaryny we ýörite sowgadyny ýollady. Milli Lideriň bu sowgady doganlyk ýurduň sungat wekiliniň döredijiligine we iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Sowgat gowşurylyş dabarasy dostlukly we doganlyk ýagdaýynda geçdi.
Farruh Zokirow öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň görkezen aýratyn hormatyna we ünsüne uly hoşallyk bildirdi. Ol özüne gowşurylan sowgady uly buýsanç bilen kabul edip, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Aýdymçy iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny belledi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze belentliklere göterilýär. Medeniýet işgärleriniň özara sylaglanmagy we taryhy şahsyýetleriň hatyralanmagy halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna hyzmat edýär. Bu waka medeni diplomatiýanyň parahatçylygy we dostlugy berkitmekdäki möhüm ornunyň aýdyň mysaly boldy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.