Oýun sanawy

Fewral aýynda Türkmenistanda «Türkmenfilm» tarapyndan milli kino hepdeligi geçiriler

24 Ýan. 09:36

Çeşme

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan fewral aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda giň möçberli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň çäginde maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleri öz içine alýan milli kino hepdeligi guralar.

Fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B. Seýidowa hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini hem-de aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu çäreler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz bitarap Türkmenistan — maksada okgunly ganatly bedewleriň Watany» diýen şygary we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde türkmen kinofilmlerinden düzülen sazlaryň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.

Degişli teklipler Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz bitarap Türkmenistan — maksada okgunly ganatly bedewleriň Watany» ýylynda Türkmenistanda köp sanly dabaralaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belläp, fewral aýyndaky çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌