Oýun sanawy

Türkmen teatry TÜRKSOÝ festiwalynyň milli däpleri wagyz etmek baýragyna mynasyp boldy

30 Sen. 11:16

Çeşme

Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatry TÜRKSOÝ-nyň III Halkara teatr festiwalynyň «Milli däpleri wagyz etmek üçin» atly nominasiýasynda baýrak gazandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Ýatlatsak, festiwal Aktauda geçirildi we türkmen teatry tomaşaçylara «Baýram han türkmen» atly sahnalaşdyryşyny hödürledi.

TÜRKSOÝ festiwalyna dokuz ýurtdan, şol sanda Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Wengriýadan, Türkmenistandan we Gazagystandan döredijilik toparlary gatnaşdy.

Sahnalaşdyryşlar N. Janturin adyndaky Welaýat aýdym-saz we drama teatrynyň sahnasynda görkezildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili Agamyrat Baltayew halkara festiwalynyň žýurisiniň düzümine girdi we TÜRKSOÝ-nyň Hormat haty bilen sylaglandy.

Artistler we medeniýet işgärleri Kaspiý deňziniň Gazagystan kenarynda ýerleşýän Aktaudyň ýadygärliklerini gezdi. Festiwal baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌