Oýun sanawy


14-15 awgustda Ahal we Balkan welaýatlarynda iş orunlarynyň ýarmarkalary geçiriler
14 Awgust. 07:05«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, 14-nji we 15-nji awgustda Türkmenistanda iki welaýatda – Ahal we Balkan welaýatlarynda – iş orunlarynyň ýarmarkalary geçiriler.
Ahal welaýatynda ýarmarka 14-nji awgustda Anau şäherindäki häkimligiň mejlisler zalynda geçiriler. Salgysy: Watan köçesi, 1-nji jaý. Ýarmarka sagat 10:00-da başlap, 12:00-a çenli dowam eder. Maglumat üçin telefon: +99313736714.
Balkan welaýatynda bolsa çäre 15-nji awgustda Esenguly etrabyndaky Zähmet we ilaty işe ýerleşdiriş bölüminiň binasynda geçiriler. Salgysy: D. Balgyzyll köçesi, 345-nji jaý. Ýarmarka sagat 10:00-dan 12:00-a çenli açyk bolar. Telefonlar: +99324532078, +99324533027.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamany, zähmet depderçesini (eger bar bolsa) we hünärine degişli şahadatnamany getirip bilerler.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.