Oýun sanawy

Türkmenistanda ýaşlar üçin iňlis dili kurslaryna kabul edişlik başlandy

19 Dek. 05:20

Çeşme

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän ELCD — dil başarnyklaryny ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde ýaşlar üçin iňlis dili kurslaryna kabul edişlik yglan edildi. Okuw sapaklary Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde geçiriler.

Bu maksatnama ýaşlaryň iňlis dilini has ýokary derejede özleşdirmegine hem-de bu bilimleri okuwda we hünär ýolunda netijeli ulanmagyna mümkinçilik döretmegi maksat edinýär.

Goşmaça maglumat almak üçin şu elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz: elcd.tkm@gmail.com.

















Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar

Bugün 09:10

Çeşme

Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.

Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.