Oýun sanawy


Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»
21 Mart. 05:3320-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin düýpli ähmiýeti bolan astronomik pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we bütin planeta boýunça gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije dowam edýär. Bu hadysa Demirgazyk ýarymşarda astronomik baharyň başlanýan nokady bolup, şol günden başlap günler kem-kemden uzalyp, ýagtylyk tümlükden «üstün çykyp» başlaýar.
Gije-gündiziň deňleşýän wagtynyň her ýyl üýtgemegi Ýer şarynyň Günüň daşyndan aýlanýan hakyky hereketi bilen senenama ýylynyň doly gabat gelmeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Aratapawut takmynan 0,24 gije-gündize deň bolup, şol sebäpli bu pursat 19-njy we 21-nji mart aralygyna düşüp bilýär. Fewral aýyna goşmaça bir günüň goşulmagy bolsa wagtyň bu süýşmesiniň öwezini dolmaga we asman hadysalaryny yzygiderli tertipde saklamaga kömek edýär.
Taryhy taýdan bu gün gyşyň gutarnykly yza çekilen we tebigatyň gyş ukusyndan oýanan pursaty hökmünde kabul edilipdir. Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bu astronomik hadysa Täze ýyl — Nowruz baýramy bilen gabat gelýär. Adamlar bu güne öňünden taýýarlyk görüp, öý-işiklerini tertibe salýarlar, köne goşlardan dynyp, täze eşikler satyn alýarlar. Baýramçylyk saçagy bolsa täzelenişi we abadançylygy alamatlandyrýan simwoliki tagamlar bilen bezelýär.
Dünýäniň dürli künjeklerinde bu gün özboluşly däp-dessurlar bilen bellenilýär. Hindistanda bahar paslynyň gelmegi reňkleriň baýramy bolan Holi bilen garşylanýan bolsa, Ýaponiýada bu wagt pederleri ýatlamaga we maşgala agzybirligine bagyşlanýar. Ýewropada bolsa bu pursat durmuşyň we ýaşaýyş şertleriniň arassalanmagynyň nyşany hökmünde saklanyp galýar. Şunlukda, gije bilen gündiziň deňleşýän pursaty asyrlaryň dowamynda adamlar üçin täzelenişiň we täze durmuşyň başlanmagynyň mukaddes simwolydyr.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.