Oýun sanawy


Aşgabatda XXVI Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşmesiniň maslahaty geçirildi
15 Sen. 05:36Çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilip, ol ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlandy.
TDH-nyň habar bermegine görä, foruma daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Türkmnestanyň ähli sebitlerinden wekiler gatnaşdy.
Maslahatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara ýollan Gutlag sözi diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uly bolar. “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sütünlerini berkitmekde ägirt uly işler amala aşyrylyp, eziz Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edildi we parahatçylygyň, dostlugyň, bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.
Maslahatyň nobatdaky ýygnanyşynda seredilen möhüm meseleler Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşmesiniň işiniň agramynyň ýokarlandyrylmagyna we döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara okuw çäresi açyldy
08 Sen. 18:39Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» diýlip atlandyrylan 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň hem-de Halkara okean institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre 18-nji sentýabra çenli dowam eder. Аçylyş dabarasynda BMG-niň we beýleki öňdebaryjy halkara guramalaryň wekilleri çykyş edip, Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna, suwuň çekilmeginiň sebäplerine we deňiz hukugyna aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.
2013-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bilim maksatnamasynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlardan hem-de Hytaýdan 175 sany hünärmen öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň деми bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Şeýle hem okanyň