Oýun sanawy

Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasy kömekçi wezipesi üçin boş iş ornuny yglan etdi

30 Ýan. 10:46

Çeşme

Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy kömekçi (assistant) wezipesi boýunça boş iş ornunyň bardygyny resmi taýdan habar berdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi bildirişinde bellenilýär.

Dalaşgärlerden ýokary biliminiň bolmagy, türkmen we iňlis dillerini ýazmaça hem-de dilden erkin derejede bilmegi, Windows operasion ulgamynda işleýän kompýuter bilen ynamly işläp bilmegi talap edilýär. Şeýle hem MS Office programmalarynyň toplumyndan, hususan-da Word, Excel we beýleki goşundylardan baş çykarýan bolmak zerurdyr.

Bu wezipä gyzyklanma bildirýän raýatlar iňlis dilinde taýýarlanan terjimehalyny (CV) elektron poçta arkaly ilçihananyň resmi salgysyna ugratmalydyrlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌