Oýun sanawy


Türkmenistanda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary berildi
02 Ýan. 12:20Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar üçin dabaraly çäre guraldy. Baýramçylyk ruhunda bezelen zalda geçirilen bu dabara 2026-njy ýylyň şatlygyny çagalar bilen bilelikde garşy almaga gönükdirildi.
Çäräniň dowamynda çagalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň adyndan Täze ýyl sowgatlary bilen gutladylar. Bu çäre döwlet tarapyndan ýaş nesle edilýän üns-aladanyň aýdyň beýany boldy.
Baýramçylyk dabarasyna Aýazbaba we Garpamyk, 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew aty şekillendirýän lybasdaky çagalar, şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çagalara süýjülikler, ter miweler, okuw esbaplary, interaktiw okuw serişdeleri gowşuryldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen garşy alnan Täze ýylyň hormatyna olara saz gurallarynyň hem sowgat berilmegi dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Bu sowgatlar çagalaryň ýüreklerinde uly şatlyk döredip, baýramçylyk pursatlaryny ýatdan çykmajak etdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň