Oýun sanawy


Türkmen ýokary okuw mekdepleri UI GreenMetric 2025 ekologiýa reýtinginde görkezijilerini güýçlendirdi
08 Dek. 05:59UI GreenMetric 2025 halkara ekologik reýtinginiň nobatdaky netijeleri boýunça Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebi öz orunlaryny ep-esli ösdürmegi başardy.
Oguzyň adyndaky Inženerçilik-tehnologiýalar uniwersiteti 105 ýurtdan gatnaşan 1745 ýokary okuw jaýynyň arasynda 306-njy orna çykdy. Uniwersitet 7675 bal toplap, reýtingiň “altyn derejesine” girizildi we üç ýyl yzly-yzyna türkmen düzüminiň öňdebaryjy ornynda galdy. Bu ýokary okuw jaýy soňky dört ýylda görkezijilerini yzygiderli ýokarlandyryp gelýär — 2022-nji ýylda 637-nji orundan häzirki derejesine çenli.
Türkmen oba hojalyk instituty hem möhüm ösüş gazanyp, öňki ýyly bilen deňeşdirilende 73 orun ýokarlap, 653-nji ýere ýerleşdi. 6377,5 bal onuň “kümüş derejede” görkezilmegine mümkinçilik berdi.
UI GreenMetric uniwersitetleri alty ugur boýunça baha berýär: binagärlik we infrastruktura durnuklylygy, energiýa we klimat çäreleri, zyňyndylary dolandyrmak, suwy tygşytly ulanmak, ekologiýa taýdan amatly ulag, şeýle hem ekologiýa boýunça bilim we ylmy-barlag işleri.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň