Oýun sanawy

Türkmenistanyň DIM-i Beýik Britaniýanyň Parlamentinde gepleşikler geçirdi

26 Few. 05:52

Çeşme

25-nji fewralda Londona bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi we parlament dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirilmegi nygtaldy.

Mundan başga-da, Birleşen Patyşalygyň Parlamentinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ählipartiýalaýyn parlament toparynyň başlygy Pem Koks bilen duşuşyk geçirildi. Bu gepleşikler sebitara hyzmatdaşlygy kanunçylyk derejesinde täze basgançaga çykarmakda möhüm ädim boldy.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.