Oýun sanawy


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geljek bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden hem-de döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda 2026-njy ýyly atlandyrmak barada Mejlisiň Kararyny okady.
Mejlisiň Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halk bilen birlikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ABŞ-nyň diplomatiki wekili bilen parlament ara gatnaşyklary maslahatlaşdy
10 Sen. 11:50Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 8-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi. National parlamentiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň gidişinde amerikan diplomaty Türkmenistanyň bitaraplyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty hamana Mejlisiň ýurtdaky özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem taraplar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnamanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki uly ähmiýetini bellenip geçdiler.
Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň ilçihanasynyň goldamagynda «Açyk dünýä» maksatnamasynyň çäklerinde Mejlisiň wekilleri üçin guralan okuw saparynyň tejribe alyşmakda uly rol oýnandygyny nygtady. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar milli kanunçylygy kämilleşdirmäge we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandurmaga gönükdirilen şeýle başlangyçlaryň geljekde hem dowam etdiriljekdigine goldaw bildirdiler.
Şeýle hem okanyň