Oýun sanawy

Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen forum geçiriler

03 Dek. 09:48

2026-njy ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri» atly Türkmen-Hytaý söwda-ykdysady forumy geçiriler. Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Hytaýyň Daşary ýurtlarda ösüş assosiasiýasy (CODA) «TALWAS ÝOLY» ÝGPJ we «Oguz Forum & Expo» çykyş edýär.

 

Forumyň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmakdan ybaratdyr. Çäräde gurluşyk, energetika, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşy, ulag-logistika ulgamy, oba hojalygy, innowasiýalar we IT, ýeňil we agyr senagat ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki senagat we önümçilik mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Forumyň möhüm bölekleriniň biri oba hojalygynyň häzirki zaman ösüşi we azyk howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr. Onda ösümlikçiligiň täze usullary, sanly tehnologiýalar we ekologik taýdan durnukly önümçiligi üpjün edýän innowasion çözgütler bilen tanyşdyrylar.

 

Mundan başga-da, forumda ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesi aýratyn üns berilmeli meleleriň hatarynda bolar. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerinde strategiki halkalaryň biri hökmünde öz mümkinçiliklerini giňişleýin hödürlär. Multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitleriň arasyndaky logistiki baglanyşygy güýçlendirmek boýunça taslamalar maslahatlaşylar.

 

Foruma dürli pudaklardan takmynan 500 wekiliýetiň, şol sanda Hytaýyň iri assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu bolsa forumyň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakdaky ähmiýetini görkezýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌