Oýun sanawy

«Awatar 3» kassa ýygymynda 1 milliard dollardan geçdi

05 Ýan. 12:41

Çeşme

«Awatar: Ot we kül» atly üçünji bölüm dünýä kinoteatrlarynda görkezilýän döwründe 1 milliard dollar girdeji çägini üstünlikli geçdi. Film 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda prokata çykarylyp, gaty gysga wagtda — iki hepdeden sähel gowrak möhletde — bu ýokary maliýe netijesine ýetdi.

Bu görkeziji bilen franşizanyň awtory Jeýms Kemeron kino taryhynda aýratyn orna eýe boldy. Ol birbada dört filmini dünýä prokatynda 1 milliard dollardan ýokary girdeji getiren ýeke-täk režissýor hökmünde tanaldy. Ozal «Titanik», ilkinji «Awatar» hem-de «Awatar: Suwuň ýoly» filmleri hem şu sepgide ýetipdi. «Titanik» filmi 1997-nji ýyldan bäri 2,2 milliard dollar gazandy, 2009-njy ýylda çykan «Awatar» bolsa 2,9 milliard dollar bilen kino taryhynda iň girdejili film bolmagynda galýar. Ikinji bölüm «Suwuň ýoly» 2,3 milliard dollar netije görkezdi.

Üçünji bölümiň ýokary üstünlikleri «Awatar» taslamasyna kino taryhynda iň girdejili trilogiýa derejesini berdi. 2025-nji ýylyň 29-njy dekabryna çenli üç filmiň umumy girdejisi 6 milliard dollardan geçdi. Şol wagta çenli «Ot we kül» filmi eýýäm 760 million dollardan gowrak girdeji gazanypdy.

«Awatar 3» Disney studiýasynyň hem maliýe görkezijilerini güýçlendirdi — studiýa 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýyllyk kassa ýygymynda 6 milliard dollar derejesinden geçdi. 2025-nji ýylda Disney üçin iň girdejili taslamalar «Haýwanlar şäheri 2» (1,3 milliard dollar) hem-de «Lilo we Stiç» (1 milliard dollar) boldy.

Filmiň wakalary wulkanlaryň golaýynda ýaşaýan, has gazaply häsiýetli Na’wi taýpasynyň durmuşyna bagyşlanýar. Hekaýanyň gürrüň berijisi hem üýtgeýär — indi wakalar Jeýk Salliniň däl-de, onuň ogly Loagyň dilinden beýan edilýär. Baş keşpleri öňküsi ýaly Sem Wortington, Zoý Saldana, Keýt Winslet we Sigurni Wiwer ýerine ýetirdiler. Film dünýä bilen bir hatarda Türkmenistan kinoteatrlarynda hem uly gyzyklanma döretdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌