Oýun sanawy


Türkmenistanyň Mejlisinde sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmäge bagyşlanan brifing geçirildi
27 Maý. 08:15Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» maksatnamasynyň Türkmenistandaky milli utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýanyň Parlament platformasynyň Sirkulýar ykdysadyýet boýunça sebitleýin dialogynyň uly milli bilermeni bilen parlamentiň wekilleriniň brifing duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
26-njy maýda bolan duşuşykda «SWITCH-Asia» maksatnamasynyň çäginde guralýan sebitleýin dialogyň sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, jogapkärçilikli sarp ediş we önümçilik ýörelgelerini ornaşdyrmak, ekologiýa syýasaty hem-de «ýaşyl» kanunçylygy ilerletmekde möhüm we netijeli meýdança bolup durýandygy bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak we sirkulýar (aýlawly) ykdysadyýete geçmek boýunça Türkmenistanyň toplan öňdebaryjy tejribesine hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan sepgitlere ýokary baha berildi. Şeýle-de, ekologiýa abadançylygyny berkitmek we tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak ugrunda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda ýurtda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.