Oýun sanawy

Türkmenistan bilen Katar milli medeni we ylmy mirasy goramak ugrunda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

24 Ýan. 13:06

Çeşme

21-nji ýanwarda Dohada, «Maksatly ganatly atlaryň Watany — Garaşsyz we bitarap Türkmenistan» ýylynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli gol ýazyklary instituty bilen Katar Döwletiniň Milli kitaphanasy arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekildi.

Bu resminama Turkmenistan bilen Katar arasında ylmy, bilim we medeni ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, milli mirasy öwrenmek, goramak we tejribe alyşmak işlerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Memorandum boýunça taraplar gol ýazyklaryny alyşar, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrar, hünärmenleri alyşar hem-de taryhy çeşmeleri sanly görnüşe geçirme we goramakyň döwrebap usullaryny ulanar.

Şeýle hyzmatdaşlyk Türkmen we arab medeni-ylmy mirasyny halkara derejesinde öňe sürmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.