Oýun sanawy


Täze sepgitlere tarap: Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi
25 Maý. 04:52Şu guň ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagyny aňladýan «Soňky jaň» dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bu şanly pursat müňlerçe ýaşlar üçin mekdep durmuşy bilen hoşlaşyp, uly durmuşyň bosagasyndan ätlemekde möhüm ädim boldy. Mekdep uçurymlarynyň bu dabaraly gününiň şatlygyny olaryň mugallymlary, mähriban ene-atalary hem-de ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri paýlaşyp, ýaşlara ak ýol dilediler.
Tamamlanan 2025–2026-njy okuw ýyly türkmen ýaşlarynyň gazanan taryhy üstünlikleri bilen ýatda galar. Ýurduň zehinli okuwçylary dürli derejedäki abraýly halkara we döwlet bäsleşiklerinde işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Olaryň görkezen bilim başarnyklary netijesinde köp sanly altyn, kümüş hem-de bürünç medallar eýelenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçurymlara iberen gutlag ýüzlenmesinde ýaşlaryň bu beýik sepgitleriniň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny belende göterýändigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu üstünlikleriň halkymyzyň milli buýsanjydygyny we bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp miweleridiridigini aýratyn belledi.
Bilim ministrliginiň beren resmi maglumatlaryna görä, şu ýyl ýurdumyz boýunça uly durmuşa gadam basýan uçurymlaryň sany uly görkezijilere eýedir. Has takygy, Mary welaýatynda 25 müňden gowrak, Daşoguz welaýatynda 23 müň 798 we Lebap welaýatynda takmynan 23 müň 700 ýaş mekdebi tamamlady. Şeýle hem Ahal welaýatynda 14 müň 337, paýtagtymyz Aşgabatda 12 müň 851, Balkan welaýatynda 8 müň 680 hem-de döwrebap Arkadag şäherinde bolsa 237 sany uçurym orta bilim baradaky şahadatnamalara mynasyp boldy.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.