Oýun sanawy


Günorta Koreýa Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna 220 müň dollarlyk tehniki enjamlar berdi
04 Few. 04:33Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Koreýa Respublikasy tarapyndan berlen döwrebap tehniki enjamlary kabul etdi. Enjamlaryň umumy bahasy 220 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, gowşuryş dabarasy 3-nji fewralda 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek maksatnamasynyň (ODA) çäklerinde geçirildi.
Çärä Koreýa Respublikasynyň ynanylan wekili Kim Jun Çhol hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa gatnaşdy. Bu başlangyç Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy.
Gowşurylan tehniki serişdeler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek üçin niýetlenip, bilim işiniň hilini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Enjamlar halkara kömek maksatnamalarynyň maksatlaryna laýyklykda peýdalanylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmekde işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň