Oýun sanawy


Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy howa gämileriniň hyzmaty boýunça işgärleri işe kabul edýär. Aşakdaky ugurlar boýunça boş iş orunlary açykdyr:
Gövde we dzýul motory boýunça awiatehnikler,
Enjamlar we elektrik ulgamyna degişli awiatehnikler,
Howa gämilerine tehniki hyzmat, abatlaýyş we diagnostika boýunça inženerler.
Işe dalaş edýänlerden aşakdaky talaplara laýyk gelmek talap edilýär: Türkmenistanyň raýatlygynyň bolmagy, ýaşaýyş ýeriniň Aşgabatda ýa-da Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynda bolmagy, ýaş çägi – 45-den aşak, orta hünär ýa-da ýokary derejeli awiasiýa-tehniki bilimi. Erkek dalaşgärler üçin harby bilet hökmanydyr.
Resminamalar 31-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Giňişleýin maglumat üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
+99312-37-85-50, +99312-37-85-41, +99365-72-58-43.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň