Oýun sanawy

Türkmenistan raýatlary üçin Hytaýa wizalaşdyrmada täze ýeňillikler

30 Dek. 06:23

Çeşme

Hytaýa sapar etmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary üçin wizalaşdyrma düzgünleri ýönekeýleşdirildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň raýatlary gysga möhletli wizalary barmak yzlaryny tabşyrman alyp bilerler.

Bu ýeňillik 180 güne çenli möhlet bilen berilýän ähli gysga wagtlaýyn wizalara degişli bolup, ýüz tutýanlaryň biometrik maglumatlary, şol sanda barmak yzlary talap edilmez. Bu ädim Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge we Türkmenistan raýatlarynyň syýahat mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Şol bir wagtyň özünde, Hytaýda uzak wagtlap galmagy we ýaşaýyş rugsadyny almagy meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary üçin düzgünler öňküligine galýar. D, J1, Q1, S1, X1 we Z görnüşli wizalara ýüz tutýanlar bellenen tertipde barmak yzlaryny tabşyrmaga borçly bolarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌