Oýun sanawy

ÝUNISEF we Türkmenistan çagalaryň bähbidi üçin döwlet maliýeleşdiriş maslahatyny geçirdi

20 Iýun. 07:26

Çeşme

ÝUNISEF we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda çagalaryň bähbidi üçin maýa goýumlaryny has netijeli meýilleşdirmek, monitoring etmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen döwlet maliýeleşdiriş maglumatlarynyň ulanylyşyny berkitmäge gönükdirilen geňeşmeleriň tapgyryny gurady. Çäreler halkara guramanyň Ählumumy öňdebaryjy tejribe merkeziniň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek boýunça geňeşçisi Ulugbek Olimowyň Aşgabada amala aşyran ýörite iş saparynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de pudaklaýyn tehniki hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem durmuş ulgamynyň ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda anyk meseleleri amaly taýdan seljermek maksady bilen iki günlük tehniki seminar guraldy.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda çagalaryň abadançylygyny üpjün edýän esasy ugurlara, ýagny irki ösüşe, mekdebe çenli bilime, durmuş goraglylygyna we ilkinji saglygy goraýyş-sanitar kömegine bölünýän maýa goýumlaryna has çuňňur düşünmek üçin bar bolan býujet klassifikasiýalarynyň, hasabatlylyk ulgamlarynyň hem-de döwlet çykdajylary baradaky maglumatlaryň nähili ulanylyp bilinjekdigi baradaky meseleler gözden geçirildi.

Taraplar durmuş çykdajylaryny seljermek we pudagara hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary üçin mümkin bolan synag ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim ulgamynda mekdebe çenli bilim we mekdebe taýýarlyk maksatnamalary bilen baglanyşykly çykdajylar, saglygy goraýyşda bolsa ilkinji emleri has netijeli ulanmak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýle-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde býujet tejribesini we çagalaryň bähbidine döwlet maýa goýumlarynyň yzarlanylyşyny kämilleşdirmek mümkinçilikleri tassyklanyldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌