Oýun sanawy


Aşgabatda Görogly köçesiniň Bekrewe köçesi bilen kesişýän ýerinden Taslama köçesine çenli bolan bölegindäki abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Täzelenen ýoluň sentýabr aýynyň başynda açylmagyna garaşylýar.
Şäher gulluklarynyň maglumatlaryna görä, köçe ep-esli giňeldildi we şu sebäpden paýtagtymyzyň bu bölegindäki ulag agzybirligi has netijeli dolandyrylar. Täzeden gurlan ýerasty geçelge Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ýanynda ýerleşýär hem-de talyplar, mugallymlar hem-de şäheriň ýaşaýjylary üçin amatly we howpsuz geçişi üpjün eder.
Taslamanyň çäginde awtobus duralgalary doly täzelendi, pyýadalar üçin döwrebap çäk germewleri gurnaldy. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Ýadyňyzdan çykarmagyň, abatlaýyş işleriniň geçirilýän wagtynda ulag hereketi wagtlaýyn çäklendirilip, sürüjiler üçin Magtymguly köçesi arkaly geçmek maslahat berildi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň