Oýun sanawy


Türkmen bedewleri Daşkentde geçiriljek halkara festiwalynda çykyş ederler
02 Maý. 07:05Türkmenistanyň wekilýeti we meşhur ahalteke bedewleri 2026-njy ýylyň 9–10-njy maýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek «Gündogaryň merjeni» atly halkara atly sport we gözellik bäsleşigine gatnaşarlar. TDH-nyň habar bermegine görä, bu çäre goşny ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge we atçylyk sungatyny dünýä ýaýmaga gönükdirilendir. Saparyň çäklerinde şeýle hem «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegine garaşylýar.
Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer T. Atahallyýew bu halkara çäresine görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň atşynaslarynyň we behişdi bedewleriniň bu bäsleşiklerde ýokary derejede wekilçilik edilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara wekiliýetiň saparyny guramaçylykly amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ahalteke bedewleriniň halkara derejesindäki şeýle bäsleşiklere gatnaşmagy türkmen atçylyk sungatynyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Daşkentde geçiriljek bu bäsleşik diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem, asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklarymyzyň halkara jemgyýetçiligine ýetirilmeginde möhüm orun eýeleýär. Bu waka sebitde dostlukly gatnaşyklaryň we medeni alyş-çalyşyň täze tapgyryna öwrüler.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.