Oýun sanawy


29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre guraldy. Çäräniň esasy maksady ýaşlarda ekologik pikirlenmäni ösdürmek we durnukly geljege gönükdirilen innowasion başlangyçlary höweslendirmekden ibarat boldy.
Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylara köne zatlara täze ömür berýän «upcycling» çemeleşmesi barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ýaş aktiwistler «Ýaşyl impuls» eko-fleşmobyna hem-de ekologiýa boýunça intellektual toparlaýyn oýna gatnaşyp, ekologik meseleleriň çözgütlerini maslahatlaşdylar. Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maliýe goldawy bilen geçirilen bu çäräniň soňunda işjeň gatnaşyjylara Hormat hatlary gowşuryldy.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.