Oýun sanawy


Ýurdumyzda medeniýet, sungat we şygryýet baýramy giň gerimde dabaralandyryldy
28 Iýun. 03:01Şu gün Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwlet derejesindäki uly baýramçylyklaryň biri — Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralara beslendi. Baş baýramçylyk çäreleri paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlaryň ähli medeniýet merkezlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, dabaralaryň resmi bölegi Köpetdagyň etegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda beýik akyldaryň uly heýkeline sarpaly gül desselerini goýmak däbi bilen başlandy. Bu asylly we watanperwerlik çäresi ýurduň beýleki sebitlerinde hem dowam etdirildi.
Milli baýramçylygyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda joşgunly konsert maksatnamalary, döredijilik sergileri, amaly-haşam sungatynyň görkezilişleri hem-de wagyz-nesihat duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmeniň ak öýi» binalary baýramçylyk dabaralarynyň we sungat baýramynyň esasy merkezlerine öwrüldi.
Şu günki dabaralaryň ýene bir möhüm bölegi Balkan welaýatynda guraldy. Bu ýerde 22 — 27-nji iýun aralygynda ýokary şatlyk-şowhun bilen geçirilen Medeniýet hepdeliginiň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Medeni forumyň jemleýji gününde gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül çemenlerini goýdular. Soňra welaýatyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyşyna, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet, sungat we şygryýet baýramyna bagyşlanan uly göwrümli ýapylyş konserti we dabaraly çäreler geçirildi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.