Oýun sanawy


Aşgabat täze 2026-njy ýyly bellemek üçin giň gerimli taýýarlyklara girişdi. Şäheriň medeni merkezlerinde, esasy prospektlerinde, dynç alyş seýilgählerinde hem-de köpçülikleýin çäreler geçirilýän ýerlerde täze ýyl arçalary dürli bezegler bilen gurnalar. Bu barada hökümet mejlisinde wise-premýer B. Annamämmedow hasabat berdi.
“Älem” Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdiriljek ýurdumyzyň Baş Arçasyny bezelemek boýunça işler hem dowam edýär. Wise-premýer baş baýramçylyk meýdançasynyň bezeg taslamasy bilen bagly teklibini döwlet Baştutanyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtyň täze ýyl baýramyna laýyk derejede taýýarlanylmagynyň möhümdigini belläp, degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň