Oýun sanawy


Şu gün ir säher bilen ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýramçylyk namazy okalyp, öten-geçenler ýatlandy we parahatçylyk hem-de agzybirlik üçin doga-dilegler edildi. Halkymyz gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryna eýerip, janly soýup, milli tagamlary taýýarlamak bilen yslam dünýäsiniň iň uly baýramlaryndan biri bolan Gurban baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýar.
Baýramçylyk mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baý mazmunly medeni-köpçülikleýin çäreler we aýdym-sazly dabaralar guralýar. Üç günüň dowamynda her bir öýde bereketli desterhanlar ýazylyp, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny berkitmek üçin gurbanlyk sadakalary berilýär. Şeýle hem ýaşlar belent hiňňildiklerde uçup, halkymyzyň köpöwüşgünli milli däp-dessurlaryny dowam etdirýärler.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite Permanyna laýyklykda, maý aýynyň 27-28-29-njy günleri ýurtda iş däl günleri diýlip yglan edildi, bu bolsa raýatlara baýramy maşgala gurşawynda geçirmäge doly şert döredýär. Mähriban ildeşler, Gurban baýramyňyz gutly bolsun, berýän gurbanlyklaryňyz we edýän doga-dilegleriňiz gadyrly Hakyň dergähinde kabul bolsun!
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.