Oýun sanawy

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow hatyralandy

27 Maý. 18:28

Çeşme

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde okalan baýram namazyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadagymyz geňeşiniň agzalary we daşary ýurtly diplomatik wekiller bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hem-de onuň maşgala agzalarynyň aramgähine bardy.

Bu ýerde taryhy şahsyýetiň we onuň maşgala agzalarynyň ýagty ýatlamasyna uly sarpa goýlup, merhumlaryň jaýynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy barada aýat-töwirler okaldy. Hemmeler döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda ýurduň ösüşine goşant goşan ilkinji baştutanyň imanynyň hemra bolmagyny dilediler. Bu çäre hajy Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy geçmişine bolan ygrarlylygynyň hem-de ölenleri hatyralamak ýaly asylly däp-dessurlaryň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌