Oýun sanawy

Hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edilişi geçiriler

27 Awgust. 09:46

Çeşme

2025-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Baş prokuratura, Ýokary kazyýet we Aşgabat şäher aklawçylar kollegiýasy tarapyndan raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça bilelikdäki kabul edilişi guralar.

"Neýtral Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, kabul ediliş 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda ýerleşýän binasynda geçiriler.

Raýatlar bu ýerde ýurduň esasy hukuk edaralarynyň wekillerinden hem-de tejribeli aklawçylardan dürli hukuk meseleleri boýunça maslahat alyp bilerler.

Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 39-19-20 we 39-19-21.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌