Oýun sanawy

Türk aýdymçysy Murat Boz Türkmenistanda konsert bermäge taýýarlanýar

01 Okt. 09:04

Çeşme

Meşhur türk pop-aýdymçysy we aktýor Murat Boz özüniň güýzki çykyşlarynyň tertipnamasyna Türkmenistany hem girizdi. Aýdymçynyň sosial torlardaky sahypasynda paýlaşan maglumatyna görä, onuň ýurdumyzdaky konsertleri 9-njy we 10-njy oktýabrda geçiriler. Häzirki wagtda çykyşlaryň takyk haýsy şäherde we sahnada boljakdygy barada resmi maglumat berilmeýär.

Aýdymçy mundan ozal 2024-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Täze ýyl konsertini beripdi. Şeýle hem, 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň sammiti hamda medeni çäreleriň geçirilýändigini ýatlatmak gerek. Murat Bozuň güýzki gastrol meýilnamasynda Kipr, Baku we Türkiýäniň birnäçe şäherleri hem bar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌