Oýun sanawy

Türkmenistanda krossword döretmek boýunça täze bäsleşik yglan edildi

24 Mart. 05:10

«Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşleri bilen hyzmatdaşlykda «Köken» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu bäsleşikde gatnaşyjylara krossword, skanword we çaýnword ýaly tapmaçalary taýýarlamak teklip edilýär. Giňişleýin maglumatlar gazetiň şu günki sanynda ýerleşdirildi.

Şertlere laýyklykda, taýýarlanylýan işler türkmen halkynyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke atlaryna, atçylyk däplerine hem-de atşynaslyk bilen bagly temalara bagyşlanmalydyr.

Bäsleşige iberilýän işler kagyz ýüzünde taýýar görnüşde (çyzgy we jogaplary bilen) hem-de elektron görnüşde (PDF ýa-da JPG) kabul edilýär.

Bäsleşige 35 ýaşa çenli Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Işleri tabşyrmagyň soňky möhleti — 30-njy aprel.

Gatnaşyjylar öz işleri bilen bilelikde şahsy maglumatlaryny (okaýan ýa-da işleýän ýeri, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) goşup, aşakdaky salga ibermelidirler:

Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý
E-poçta: br.gazeti@gmail.com
Telefonlar: +993 12 23 77 95, +993 12 23 77

Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanyp alynar. Sylaglamak dabarasy maý aýynyň başynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda geçiriler. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌