Oýun sanawy

Malaiziýadaky halkara bäsleşikde altyn baýrak alan türkmenistanly talyplar

25 Sen. 12:55

Oğuz han adyndaky Türkmen Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary halkara ylmy sahnada uly üstünlik gazandylar. Malaýziýada geçirilen World Sustainable Development Goal Challenge (WSDG 2025) bäsleşiginden altyn medallar bilen dolanyp geldiler.

4-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow (himiýa-tehnologiýa fakultetinden) “ýaşyl sementiň” önümçiligi boýunça ylmy işini hödürläp, daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirleri azaltmaga we energiýa tygşytlamaga gönükdirilen taslamasy bilen diňe bir altyn medal däl, eýsem bäsleşigiň iň ýokary baýragy bolan WSDG Innovation Grand Award-y hem aldy. Bu ylmy iş halkara derejesindäki hünärmenler tarapyndan ýokary baha aldy.

Şeýle hem, 3-nji ýyl talyplary Aýmyrat Halnazarow we Jemal Şaripowa tarapyndan taýýarlanan bilelikdäki taslama aýratyn tapawutlandy. Olar senagat galyndysy bolan fosfogipsden arassa gurluşyk gipsini öndürmegiň täze we ekologik taýdan howpsuz usulyny döretmegi başardylar. Bu iş altyn medal bilen hem-de “Durnukly ösüşde iň gowy innowasiýa” baýragy bilen sylaglandy.

Bu üstünlikleriň gazanylmagynda ýolbaşçy hökmünde çykyş eden kämil mugallym, tehnik ylymlarynyň kandidaty Atamyrat Altyýewiň aýratyn goşandy boldy.

Bäsleşik Malaýziýanyň Multimedia Uniwersiteti we ýaş alymlar guramasy tarapyndan gurnaldy we oňa 15 ýurtdan — şol sanda Hindistan, Gazagystan, Rumyniýa, Müsür ýaly ýurtlardan — 2100-den gowrak taslama hödürlenildi.

Türkmen ýaşlarynyň gazanan bu üstünligi ýurduň ylmy we bilim ulgamynyň ösüşini görkezýär we halkara derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌