Oýun sanawy


Türkmenistanda 11 aýda 755 müň kub metrden gowrak içimlik suw öndürildi
30 Dek. 07:04Türkmenistanda ilaty arassa agyz suwy bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. «Köneürgençagyzsuw» müdirliginiň işgärleri gyş möwsüminde Köneürgenç şäheriniň hem-de oba ýerleriniň ýaşaýjylaryny ygtybarly suw bilen üpjün etmek ugrunda netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler.
2025-nji ýylyň on bir aýynyň dowamynda müdirligiň garamagyndaky agyz suw desgasynda 755 müň kub metrden gowrak içimlik suw öndürildi. Günde 2 müň 140 kub metr suw öndürmäge ukyply bu desga sebit üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Halkara talaplaryna laýyk enjamlar bilen üpjün edilen desga Köneürgenç şäheriniň, Ak ýol geňeşligine degişli Zaman, Eýmir, Paltagaçan obalarynyň, Bitaraplyk şäherçesiniň, Täze ýol geňeşliginiň ilatynyň hem-de Gazakýer obasynyň ýaşaýjylarynyň suw islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň 30-a golaý işçi-hünärmeni gije-gündizleýin tertipde zähmet çekýär. Müdirligiň işgärleri 15 sany dikguýynyň suw üpjünçiliginiň üznüksizligini, suwuň arassalygyny we howpsuzlygyny yzygiderli gözegçilikde saklaýarlar. Suyy zyýansyzlandyrmak we sarp edijilere bermäge taýýarlamak boýunça ähli tehnologik işler kompýuter ulgamlary arkaly dolandyrylýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň