Oýun sanawy

Raşid Meredow Eýranyň ilçihanasynda gynanç bildirdi

06 Mart. 08:48

Çeşme

4-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, Aýatolla Hameneýiniň aradan çykmagy mynasybetli açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy. Ministr saparyň dowamynda Eýranyň ilçisi Ali Modjtaba Ruzbehani bilen duşuşyp, goňşy ýurduň halkyna we hökümetine durnuklylyk we sabyrlylyk dilegleri bilen şahsy gynanjyny ýetirdi.

Mundan başga-da, Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde hem gynanç kitaby açylyp, ol ýakyn 10–15 günüň dowamynda gynanç bildirmek isleýänler üçin açyk bolar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.