Oýun sanawy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulag we aragatnaşyk işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy

22 Sen. 13:32

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Demirýol ulaglary ministrliginde dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda ulag we aragatnaşyk ulgamynda zähmet çekýän işgärlere döwlet sylaglary we hormatly atlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Milli baýramçylyk mynasybetli dürli pudaklarda aýratyn tapawutlanan hünärmenlere ýokary döwlet sylaglaryny bermek adata öwrüldi. Şu ýyl hem ulag-aragatnaşyk toplumynda zähmet çekýän iri topar hünärmenler özleriniň netijeli işleri we pudaga goşan goşantlary üçin sylaglandy.

Dabarada çykyş eden aragatnaşyk ulgamynyň wekilleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň sanly ösüşde we halkara hyzmatdaşlykda möhüm merkez hökmünde tanalandygyny bellediler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌