Oýun sanawy

Iýun aýynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy tassyklanyldy

23 Maý. 05:58

Çeşme

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer B. Seýidowa geljek aýda ýurdumyzda durmuşa geçiriljek esasy jemgyýetçilik we medeni taslamalaryň meýilnamasy barada hasabat berdi. Döwlet derejesinde guraljak çäreleriň gysgaça tertibi medeniýet, sport, ylym we halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlary öz içine alyp, olar jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Maksatnama laýyklykda, tomus paslynyň ilkinji aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli dabaralar guralar. Şeýle-de, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we sport bäsleşikleri geçiriler.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek çäklerinde paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günlerini, halkara derejeli olimpiadalary we sergileri guramak meýilleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda «Çalsana, bagşy!» atly gözden geçirilişiň jemleýji tapgyrlary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2026» festiwaly geçiriler. Balkan welaýaty bolsa Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýerine öwrüler.

Mundan başga-da, döwrebap Arkadag şäheriniň açylmagynyň 3 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäreler guralar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde duran dabaralaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we olary milli ýörelgelere laýyk getirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌