Oýun sanawy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde gurulýan 30 müň orunlyk metjide baryp gördi
28 Maý. 03:42Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň döwrebap binagärlik nusgasy bolan Arkadag şäherinde gurulýan 30 müň orunlyk täze metjidiň gurluşyk meýdançasyna bardy. Bu mukaddes bina täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän iň iri taslamalaryň biridir.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hajy Arkadaga täze metjidiň gurluşyk işleriniň gidişi, içki we daşky bezeg aýratynlyklary hem-de ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hili barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de, Milli Lideriň dykgatyna metjidiň içki ýyladyş ulgamynyň, mermer we haly düşekleriniň görnüşleriniň, diwarlardaky mukaddes ýazgylaryň, minaralaryň we mährabyň bezeg taslamalarynyň çyzgylary görkezildi.
Hajy Arkadag metjidiň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we binalaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň esasy talap bolup durýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary we meýilnamalar bilen içgin tanyshyp, mukaddes binanyň halkymyzyň taryhy we medeni gymmatlyklaryna laýyk gelmegi ugrunda özüniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny hem-de maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.