Oýun sanawy


Döwlet gümrük gullugynyň döwrebap sorag-jogap hyzmaty netijeli işlemegini dowam edýär
15 Maý. 04:022026-njy ýylyň fewral aýynda işe girizilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýöriteleşdirilen sorag-jogap hyzmaty gysga wagtyň içinde raýatlar we telekeçiler üçin amatly maglumat meýdançasyna öwrüldi. Gullugyň resmi internet saýtynda bellenilişi ýaly, bu täze hyzmat gümrük ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda we açyklygy üpjün etmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Döwlet edarasy bilen sarp edijileriň arasynda göni aragatnaşygyň ýola goýulmagy gümrük amallarynyň tizligini artdyrdy.
Gelen ýüz tutmalaryň seljermesi raýatlaryň we işewür toparlaryň esasan harytlary resmileşdirmek hem-de eksport-import şertnamalarynyň talaplary bilen gyzyklanýandygyny görkezdi. Şeýle hem, Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynda ýüze çykýan dürli ýagdaýlar boýunça köp sanly sowallar gelip gowuşdy. Zerur maglumatlaryň öňünden we takyk alynmagy serhetden geçiş işlerini hem-de gümrük resminamalaryny taýýarlamagy ep-esli ýeňilleşdirýär.
Hasabat döwründe, ýagny fewral — aprel aýlarynyň aralygynda bu hyzmat arkaly jemi 201 sany resmi ýüz tutma kabul edildi we olara degişli hünärmenler tarapyndan anyk jogaplar berildi. Bellenmeli tarapy, ýuridiki we fiziki şahslar üçin bu sorag-jogap hyzmatynyň dolulygyna mugt, ýagny tölegsiz esasda amala aşyrylýandygydyr. Bu bolsa gümrük edaralarynyň hödürleýän hyzmatlarynyň elýeterliligini we halka ýakynlygyny has-da ýokarlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, amala aşyrylýan bu maglumat goldawy hepdede alty gün, sarp edijiler üçin elýeterlidir. Ýekşenbe gününden başga, her gün sagat 09:00-dan 17:00-a çenli raýatlar 39-41-39 telefon belgisi arkaly özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça professional geňeşleri alyp bilerler. Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara söwda gatnaşyklaryna integrasiýa bolmagyna we gümrük işiniň halkara standartlara laýyk getirilmegine ýardam edýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.