Oýun sanawy


Indonesiýada geçirilýän ýaşlaryň dünýä çempionatynda türkmen samboçylary üstünlik gazandy
05 Okt. 13:32Indoneziýada dowam edýän ýaşlaryň dünýä çempionatynda Türkmenistanyň samboçylary jemi bäş medal gazandy. Ikinji günde olar ilkinji altyn, bir kümüş we bir bürünç medala eýe boldular.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, 18 ýaşly Yslam Hemraýew 71 kg agram derejesinde, 20 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň arasynda söweş sambo görnüşinde dünýä çempiony boldy. Ol üç garşydaşyny ýeňip, finalda FIAS baydagy astynda çykyş eden rus türgeni Gadir Gaşimowy 8:0 hasaby bilen utdy.
Sport sambo boýunça 50 kg çenli agram derejesinde çykyş eden, şol institutyň 3-nji ýyl talyby, 19 ýaşly Ykbal Saparowa kümüş medal gazandy. Ol çärýek we ýarym finalda ýeňiş gazanyp, finalda iki gezek dünýä çempiony bolan rus türgeni Sofýa Solýanowa ýeňildi.
18 ýaşly İlşat Dowranow bolsa ýetginjekleriň arasynda 58 kg agram derejesinde bürünç medala eýe boldy. Ol ilkinji duşuşygynda ýeňilsede, utuş tapgyry arkaly fransuz garşydaşyny ýeňip, üçünji orna çykdy.
Iki günüň netijesi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala eýe boldy. Birinji günde bolsa Rasul Jabrailow (64 kg) we Malikberdi Begiýew (88 kg) kümüş medallary aldy.
Dünýä çempionatyna 34 ýurtdan 383 türgen gatnaşýar. Üç gün dowam edýän ýaryşda 16–18 we 18–20 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda sport we söweş sambo görnüşlerinde 37 medal toplumy ugrunda bäsleşilýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň