Oýun sanawy

Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylary Tashkentde gender deňligini ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

13 Noý. 09:02

Çeşme

Türkmenistanyň Mejlisiniň ylmy, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty boýunça komitetiniň başlygy Baýramgözel Muradowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna gatnaşdy. Çäräniň maksady — sebitde zenanlaryň jemgyýetçilik, ykdysady we syýasy durmuşdaky ornuny giňeltmek, şeýle hem gender deňligini pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Foruma Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň hem-de raýat jemgyýetiniň institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler sebitde zenanlaryň hukuklaryny giňeltmekde we olaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik işine gatnaşygyny ýokarlandyrmakda gazanylan üstünlikleri bellediler.

Türkmenistanyň wekiliýeti halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini, kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini we zenanlaryň döwlet dolandyryşyna hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gatnaşygyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem 2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça milli hereket meýilnamasy möhüm başlangyç hökmünde bellenildi.

Dialogyň çäklerinde bäş ugurlaýyn sessiýa geçirildi. Onda zenanlaryň karar kabul etmekdäki roly, zenan telekeçiligi, bilim we saglyk syýasaty, innowasiýalar, metbugat we howa üýtgemesi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem zenanlaryň hukuk goragy aýratyn üns merkezinde boldy.

Maslahatyň netijesinde Toshkent jarnamasy kabul edildi. Ol sebitde zenan hukuklaryny, deňligi we durnukly ösüşi ilerletmek ugrunda bilelikdäki tagallalary tassyklaýar.
Zenan ýolbaşçylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlaryna bilelikdäki ýüzlenmäni ugradyp, zenanlaryň hukuklaryny, bilimi, telekeçiligi we saglygy goraýşy ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlary öz içine alýan sebit “ýol kartasynyň” taýýarlanylmagyny teklip etdiler.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.