Oýun sanawy
Aşgabatda täze nesil Toyota RAV4-iň dabaraly tanyşdyrylyşy geçirildi
22 Maý. 08:14Paýtagtymyzyň «Gül Zaman» toý mekanynda ýylyň iň garaşylan awtoulag wakalarynyň biri — täze nesil Toyota RAV4-iň resmi tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzdaky resmi distribýutor bolan «Toyota Central Asia FZE» kompaniýasy tarapyndan guralan bu çäre, innowasion krossoweriň Türkmenistanda ilkinji gezek köpçülige görkezilmegini alamatlandyrdy.
Dabaraly agşam, Toyota Central Asia kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroki Şukuýanyň myhmanlary mübäreklemegi bilen başlandy. Bu wakanyň halkara derejesindäki ähmiýetini ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagy has-da artdyrdy: Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sasaki gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ýörite taýýarlanan tans maksatnamasyndan soň, Toyota Central Asia şahamçasynyň müdiriniň orunbasary Döwran Gandymow çykyş etdi.
Resmi bölegiň çäginde diler toruna aýratyn üns berildi. Myhmanlara Türkmenistandaky resmi diler merkezleriniň ýolbaşçylary — Mele Bekmyradow («Beýik Ýüpek Ýoly») we Oraz Gurbanmyradow («Garagum Ulag») tanyşdyryldy. Olar ýurdumyzda müşderilere hyzmat etmegiň bütindünýä ülňülerini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler.
Agşamyň iň tolgundyryjy pursady sagat 20:00-da täze nesil Toyota RAV4-iň dabaraly ýagdaýda açylyp görkezilmegi boldy. Awtoulag «Komfort» toplumyndan başlap, iň ýokary «Premium HEV» (gibrid) görnüşine çenli hödürlenýär. Täze RAV4 innowasion «Arene» platformasynda gurlan ilkinji Toyota modeli bolup, ol Toyota Safety Sense 4.0 işjeň howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilendir. Köpçüligiň aýratyn gyzyklanmasyny döreden 5-nji nesil gibrid görnüşi, ajaýyp tizlik we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanyp, gibrid batareýasyna 8 ýyllyk kepillik berilýär.
Täze Toyota RAV4-iň tanyşdyrylyşy — bu diňe bir awtoulagyň görkezilişi däl, eýsem, türkmenistanly awtoulag söýüjileri üçin elýeterli bolan ýokary derejäniň, kämil tehnologiýalaryň we kämillige bolan ymtylyşyň aýdyň beýanydyr.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň